Ford III çärýekde startapyň ýapylmagy sebäpli $2,7 mlrd hasapdan aýrylandan soň arassa ýitgi aldy

  • 28.10.2022 23:10
  • 5.2k+

Ford Motor Co. amerikan awtoöndürijisi 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde awtonom dolandyryş tehnologiýasyny işläp düzüji Argo Al startapynyň ýapylmagy bilen baglanyşykly hasapdan uly mukdaryň aýrylmagy sebäpli arassa ýitgi çekdi. Bu barada interfax.ru belleýär.

Kompaniýanyň habarynda iýul – sentýabr aýlarynda onuň arassa ýitgisiniň geçen ýylyň degişli döwründäki $1,832 mlrd ýa-da paý üçin 45 sent arassa girdeji bilen deňeşdirilende, $827 mln ýa-da paý üçin 21 sent bolandygy aýdylýar.
Kompaniýa kärhananyň girdejisizligine esaslanyp, Argo startapyna maýa goýumyny bes edýändigini habar berdi. Kompaniýa maýa goýmakdan ikinji uly maýadar – Volkswagen AG hem ýüz öwürdi. Netijede, Argo biznesi ýapmak kararyna geldi. Şu sebäpli geçen çärýek Ford-yň çykdaja geçirmeleri $2,7 mlrd boldy.
Şol bir wagtyň özünde, girdeji 35,68 mlrd dollardan 39,39 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Hünärmenler girdejini 37,46 mlrd dollar derejesinde çaklapdylar.
Ford şu ýyl EBIT-iň 11,5 mlrd dollar derejesinde bolmagyny çaklaýar. Kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy ýylyň başyndan bäri 38,3% peseldi.


06.05.2023 00:11
3.9k+

Ford çärýekde arassa girdeji gazandy we girdejisini ep-esli ýokarlandyrdy

2023-nji ýylyň I çärýeginde Ford Motor awtoöndürijisi arassa girdeji aldy, onuň girdejisi we düzedilen girdeji bolsa bazar çaklamasyndan ep-esli ýokary boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär. Ýanwar – mart aýlarynda...

05.02.2023 18:27
5.8k+

Ford 2022-nji ýyly arassa 2 mlrd dollar ýitgi bilen tamamlady

Amerikan awtoulag ägirdi Ford Motor Co.n-yň baş kompaniýa degişli bolan arassa ýitgisi, öňküsi ýyl 17,937 milliard dollar girdeji gazanandan soň, geçen ýyl 1,981 milliard dollar boldy. Bu kompaniýanyň hasabatyndan...

24.07.2022 23:44
3.3k+

Ford täze döredilen bölümçesiniň işgärlerini 25% azaldar

Amerikan awtomobil öndürijisi Ford geljek hepdelerde 8 müň adamy işden çykarar. Kompaniýa elektromobilleriň önümçiligini giňelder diýip, Bloomberg habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär. Işden aýrylmak içerki...

31.07.2025 21:45
5.6k+

Samsung-yň paýnamalary Tesla bilen geleşigiň netijesinde soňky 20 ýylda iň gowy döwrüni başdan geçirýär

Tesla bilen ýarymgeçiriji komponentleri öndürmek üçin 16,5 milliard dollarlyk garaşylmadyk ýagdaýda şertnama baglaşandan soň, Samsung kompaniýasynyň paýnamalary 10% töweregi ýokarlandy. Iýul aýynyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalary 20% gymmatlady...