Ford täze döredilen bölümçesiniň işgärlerini 25% azaldar

  • 24.07.2022 23:44
  • 3.2k+
Ford täze döredilen bölümçesiniň işgärlerini 25% azaldar

Amerikan awtomobil öndürijisi Ford geljek hepdelerde 8 müň adamy işden çykarar. Kompaniýa elektromobilleriň önümçiligini giňelder diýip, Bloomberg habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär.

Işden aýrylmak içerki ýangyç hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiligi bilen meşgullanýan täze döredilen Ford Blue bölümçesine, şeýle-de beýleki bölümçeleriň işgärlerine täsir eder. Anyk meýilnama heniz tassyklanmady. 
Mart aýynyň başynda Ford-yň baş müdiri Jim Farli 2026-njy ýyla çenli çykdajylaryň $3 mlrd azaldyljakdygyny aýdyp, Ford Blue bölümçesini “tutuş kärhana üçin girdeji çeşmesine” öwürmek isleýändigini nygtady. 
Mart aýynda Farli awtomobil önümçiligini iki bölege bölüp, Ford-y düýpgöter özgerdipdi. Model e bölümçesi elektrokarlar, Ford Blue bolsa adaty benzin hereketlendirijili awtomobiller bilen meşgullandy. 
Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, işden aýrylmak dürli bölümleriň işgärlerine degişli bolar. Has dogrusy, proses tapgyrlaýyn alnyp barlar. Häzirki wagtda kompaniýa üçin ABŞ-da 31 müňe golaý adam zähmet çekýär. 
Kompaniýanyň PR-müdiri Mark Trubi maglumata teswir bermekden saklanyp, Ford-yň üýtgedip gurulmaga gönükdirilendigini aýtdy. Ol öndürijiniň “pudakda bäsdeşlige ukyplylygy üpjün etmek üçin çykdajylary azaltmagy” meýilleşdirýändigini belledi. 


06.05.2023 00:11
3.8k+

Ford çärýekde arassa girdeji gazandy we girdejisini ep-esli ýokarlandyrdy

2023-nji ýylyň I çärýeginde Ford Motor awtoöndürijisi arassa girdeji aldy, onuň girdejisi we düzedilen girdeji bolsa bazar çaklamasyndan ep-esli ýokary boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär. Ýanwar – mart aýlarynda...

05.02.2023 18:27
5.7k+

Ford 2022-nji ýyly arassa 2 mlrd dollar ýitgi bilen tamamlady

Amerikan awtoulag ägirdi Ford Motor Co.n-yň baş kompaniýa degişli bolan arassa ýitgisi, öňküsi ýyl 17,937 milliard dollar girdeji gazanandan soň, geçen ýyl 1,981 milliard dollar boldy. Bu kompaniýanyň hasabatyndan...

28.10.2022 23:10
5.1k+

Ford III çärýekde startapyň ýapylmagy sebäpli $2,7 mlrd hasapdan aýrylandan soň arassa ýitgi aldy

Ford Motor Co. amerikan awtoöndürijisi 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde awtonom dolandyryş tehnologiýasyny işläp düzüji Argo Al startapynyň ýapylmagy bilen baglanyşykly hasapdan uly mukdaryň aýrylmagy sebäpli arassa...

şu gün 00:47
490

iPhone 16 Pro kosmosa çykýar. Apple öz flagmanynyň adaty bolmadyk  mahabatyny çykardy

Apple “All Systems Pro” atly mahabat roligini  çykardy diýip, MacRumors habar berýär. Kompaniýa özüniň marketinge bolan döredijilikli çemeleşmesi bilen haýran galdyrmagyny dowam etdirýär - wideoda iPhone 16 Pro...