Serdar Berdimuhamedow Şirazdaky terrorçylyk zerarly Raisä çuňňur gynanç bildirdi

  • 28.10.2022 08:58
  • 23k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä ýurduň Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.
Ýeri gelende bellesek, 26-njy oktýabrda Eýranyň Şiraz şäherinde ýerleşýän Şah Çerag aramgähinde bolan terrorçylyk zerarly azyndan 15 adam aradan çykdy, ýene 40 adam bolsa agyr ýaralandy. "IRNA" agentligi Fars welaýatynyň gubernatory Esmail Mohebbipuryň sözlerine salgylanyp, ot açyşlygyň bir terrorist tarapyndan gurnalandygyny, onuň ýaralanyp, tussag edilendigini ýazýar. Terroristleriň ýene biri hem tussaglyga alyndy. 


20.10.2025 10:11
6k+

Eýranda 700 müň ýyl ozal sönen hasaplanan Taftan wulkany oýandy

Eýranda 700 müň ýyldan gowrak ozal sönen diýlip hasaplanan Taftan wulkany hereket edip başlady. Bu barada Geophysical Research Letters amerikan ylmy žurnalynda neşir edilen dokladda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň iýulyndan 2024-nji ýylyň maýyna çenli wulkanyň çür depesi tas 9 santimetr ýokary galdy...

06.09.2025 10:07
15k+

Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň Lissabon şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi...

25.07.2025 11:00
25k+

Serdar Berdimuhamedow Russiýada bolup geçen awiaheläkçilik zerarly W.Putine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Angara” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi...

13.06.2025 12:12
22k+

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna awiaheläkçilik zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi...