Li Çže Ýon Samsung Electronics-iň prezidenti boldy

  • 27.10.2022 18:05
  • 8.2k+

Samsung Group kompaniýalar toparynyň hakyky ýolbaşçysy we korporasiýanyň esaslandyryjysynyň agtygy Li Çže Ýon Samsung Electronics kompaniýasynyň prezidenti bellenildi. Bu barada metbugat relizinde habar berilýär diýip, TASS belleýär.

“Şu gün Samsung Electronics-iň müdirler geňeşi Li Çže Ýonyň kompaniýanyň ýerine ýetiriji prezidenti wezipesine bellenmegini makullady. Geňeş bu teklibi makullamak bilen, işewürligi alyp barmagyň daşarky şertleriniň kesgitsizligine we uly jogapkärçiligiň hem-de iş durnuklylygynyň gyssagly zerurlygyna salgylandy” – diýip, guramanyň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Li Çže Ýon 1991-nji ýyldan bäri kompaniýada işleýär we 2012-nji ýyldan bäri Samsung Electronics-iň wise-prezidenti wezipesini eýeledi. Prezident wezipesi 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda onuň kakasy Li Gon Hi aradan çykany bäri iki ýylyň dowamynda boş boldy. Li Çže Ýon kompaniýany esaslandyryjy Li Býon Çholyň agtygydyr.


düýn 20:25
2.5k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......