Serbiýanyň parlamenti respublikanyň täze hökümetini tassyklady

  • 27.10.2022 17:53
  • 4.2k+

Serbiýanyň Halk skupşinasynyň (250 orunlyk parlament) deputatlary iki gün dowam eden maslahatdan soň sesleriň köplügi bilen respublikanyň hökümetiniň täze düzümini tassykladylar. Bu barada TASS habar berýär.

“Ses bermäge girişen 225 deputatdan 157 halk deputaty bu teklibi goldady, 68-si garşy boldy, saklanan bolmady, 25 deputat ýokdy. Deputatlaryň aglabasynyň, ýagny 157 deputatyň razy bolandygy sebäpli, parlament hökümeti tassyklady, gutlaýaryn” – diýip, parlamentiň spikeri Wladimir Orliç aýtdy.

Şundan soň Ministrler kabinetiniň täze agzalary kasam kabul etdiler. Serbiýanyň hökümetiniň baştutany häzirki premýer-ministr Ana Brnabiç boldy. Kabinetiň düzümine üç wise-premýer hem girdi: birinji wise-premýer we DIM-iň ýolbaşçysy Iwisa Daçiç, wise-premýer we Goranmak ministri Miloş Wuçewiç, wise-premýer we Maliýe ministri Sinişa Mali.
Şeýle-de, täze hökümetiň düzümine Içeri işler ministri, Içerki we daşary söwda ministri, Oba hojalygy, tokaý baýlyklary we suw baýlyklaryny dolandyryş ministri, Daşky gurşawy goramak ministri, Sport ministri, Medeniýet ministri ýaly beýleki ministrlikleriň hem ýolbaşçylary girdi.


16.02.2026 11:25
1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň Döwlet güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli Prezident Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berýär...

12.12.2025 18:19
2k+

Türkmenistan Serbiýa bilen Bilelikdäki Hökümetara topary döretmek meselesini maslahatlaşýar

Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek boýunça gepleşikler geçirildi. Geňeşmeler Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Serbiýanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ministri Nenad Popowiçiň arasynda boldy...

01.11.2025 14:53
1.7k+

Türkmenistan Serbiýa bilen gatnaşyklary berkitmek we «EKSPO-2027-ä» gatnaşmak meselelerini maslahatlaşdy

30-njy oktýabrda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, serbiýa tarapyna bu ýurduň daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdiler...

09.07.2025 10:03
4.2k+

Türkmenistanyň ilçisi Serbiýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

7-nji iýulda Türkmenistanyň Serbiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Belgrad şäherinde Prezidentiň köşgünde geçirildi...