ÝUNESKO Fudzi dagyna barýan demir ýoluň gurluşygyny goldady

  • 27.10.2022 13:08
  • 5.8k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ekspertleri syýahatçylaryň uly akymynyň bu etraba ýetirýän zyýanynyň möçberini azaltmak maksady bilen, ýurduň ýaşaýjylary üçin mukaddes hasaplanýan Fudzi dagyna barýan demir ýoluň gurluşygy boýunça ýapon hökümetiniň düzen meýilnamasyny goldadylar. Bu barada sişenbe güni milli jemgyýetçilik telewideniýesi habar berdi.

Onuň berýän maglumatyna görä, şeýle hat ýerli ýolbaşçylara ÝUNESKO-nyň ýanynda hereket edýän Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşden (IKOMOS) gelip gowuşdy. Bu gurama ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirilýän desgalaryň ähmiýetine baha bermek bilen meşgullanýar.
Fudzi-ýä ýanaşyk Ýamanasi prefekturasynyň ýolbaşçylygy dagyň eteginden 2,3 müň metr beýiklikde ýerleşen, Bäşinji beket diýip atlandyrylýan ýere eltjek demir  ýoluň gurluşygynyň meýilnamasyny işläp taýýarlady.  Häzir ol ýere diňe awtoulag trassasy bilen baryp bolýar. Syýahatçylyk möwsüminde ol ýerde tüsseleri bilen daş-töweregi hapalaýan awtoulaglardyr awtobuslardan ýaňa dykynlar döreýär.


22.06.2026 23:12
4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:13
5.4k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....