Azerbaýjan Ýaponiýada geçiriljek Expo 2025-e gatnaşmak barada şertnama gol çeken ilkinji ýurt boldy

  • 26.10.2022 15:23
  • 5.5k+

Ýaponiýa bilen gatnaşyklara we Expo bütindünýä sergilerine gatnaşmaga uly ähmiýet berýän Azerbaýjan Osaka, Kansai Expo 2025 sergisine gatnaşmak barada şertnama gol çeken ilkinji ýurt boldy.

Trend-iň habar bermegine görä, sergä görülýän taýýarlyk işleriniň çäginde geçirilen meýilnamalaşdyryş boýunça birinji halkara duşuşygynyň dowamynda Osaka, Kansai Expo 2025-iň Azerbaýjan boýunça baş komissary Anar Alakbarow, Expo 2025-iň baş sekretary Hiroýuki Isige we Expo 2025-iň baş komissary Kodzi Haneda şertnama gol çekdi. Bu çärä Azerbaýjanyň Ýaponiýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Gýursel Ismailzade hem gatnaşdy.
25-26-njy oktýabrda sergä taýýarlyk işleriniň çäginde geçirilýän meýilnamalaşdyryş boýunça halkara duşuşygynda 100-den gowrak ýurt wekilçilik edýär. Duşuşykda Expo 2025 sergisi üçin pawilýonlaryň gurluşygy barada maglumatlar berildi.
Bütindünýä sergisi 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “Design Future Society for Our Lives” (“Biziň durmuşymyz üçin geljekki jemgyýeti taslamalaşdyrmak”) mowzugy bilen geçiriler.


12.06.2026 10:04
6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....