Aşgabatda nebitgaz forumy açylýar: Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylary gutlady

  • 26.10.2022 09:26
  • 4.9k+

Şu gün Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi. Onda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň energiýa serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek, olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynam bildirilýär.

“Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini daşary ýurtlara köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu ugurda durnukly halkara ulgamlary döretmegiň tarapdarydyr. Eksportyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek biziň döwletimiziň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan esasy ugrudyr. Ýurdumyz baý uglewodorod serişdelerini daşarky bazarlara çykarmak, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek arkaly ählumumy ösüşi we parahatçylygy gazanmak ugrunda taýsyz tagalla edýär. Gaz geçirijileri, üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitimizde durnukly ösüşi, parahatçylygy berkitmäge has-da kuwwatly itergi berer” diýlip, Gutlagda nygtalýar.  

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi muňa aýdyň mysaldyr. Gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni tapgyrlaýyn özleşdirilýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Uglewodorod serişdelerini çykarmakda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmäge hem uly ähmiýet berilýär.
Ýeri gelende bellesek, nobatdaky halkara maslahata we sergä daşary ýurtlardan 100-den gowrak wekiliň gatnaşýar. Çäräniň myhmanlary dünýäniň 45 döwletinden kompaniýalaryň 200-den köpüsine wekilçilik edýärler. Şolaryň hatarynda daşary ýurtly bilermenler, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň, degişli kompaniýalaryň wekilleri bar. Şeýle-de gyzyklanma bildirýän taraplara maslahata onlaýn usulda goşulmak mümkinçiligi döredildi.


düýn 12:32
4k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

düýn 10:46
1.6k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......