Hindistanda bir wagtyň özünde 1,5 milliondan gowrak lampada ýakylyp, rekord goýuldy

  • 25.10.2022 10:34
  • 25k+

Öňküsi gije Hindistanyň Aýodhýa şäherinde, induslar üçin mukaddes Sarýu (Ghagra) derýasynyň kenarynda bir wagtyň özünde 1,5 milliondan gowrak diýa — pelteli ýagçyra ýakylyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen täze dünýä rekordy goýuldy. Bu barada “The Times of India” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär.

19 müňden gowrak meýletinçi tarapyndan 37 ghatda (derýa kenaryndaky daş basgançaklar) 1,576 mln diýa goýlup ýakyldy. Rekord üç günüň içinde taýýarlanyldy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri azyndan bäş minutlap ýanyp duran çyralary hasaba aldylar. Mundan başga-da, rekordyň kesgitleniş şertiniň talap edişi ýaly, lampadalar birbada 40 minutyň içinde ýakylmalydy. Öňki rekord hem 2021-nji ýylda Aýodhýada goýuldy, şonda mukaddes derýanyň ghatlarynda 940 müňden gowrak diýa ýakyldy.
Induslaryň esasy baýramy bolan Diwaliniň öňüsyrasynda şeýle çyralary ýakmaklyk Aýodhýada eýýäm däbe öwrüldi.
Diýa (dipa hem diýilýär) – Diwali baýramçylygynyň öňüsyrasynda küýzegärler tarapyndan taýýarlanylýan kiçijik pelteli ýagçyralary. Olaryň göwrümi eliň aýasyndan uly däl. Lampadasyz ýekeje öý hem bolmaýar, sebäbi olaryň alawy ýylyň dowamynda obalardan we şäherlerden arwahlary kowýar diýen ynam bar.


18.06.2026 22:32
4.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:08
2.9k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......