Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 24.10.2022 16:43
  • 5.7k+

“Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen 2022-nji ýylyň “Formula-1” dünýä çempionatynyň on dokuzynjy tapgyry bolan ABŞ-nyň Gran-prisinde ýeňiji boldy.

Niderlandly sürüji möwsümde 13-nji ýeňşini gazanyp, Mihael Şumaheriň we Sebastýan Fetteliň rekordyny gaýtalady. Umuman, Werstappeniň Ostiniň ýolundaky ýeňşi karýerasynda 33-nji boldy.
Ikinji orny “Mersedesiň” sürüjisi Lýuis Hemilton eýeledi. Üçünji bolup pellehana gelen 10 orun jerime alan, ýöne ýitgileriň öwezini dolup, “bürünç” gazanmagy başaran “Ferrariden” Şarl Lekler boldy.
Şeýle-de, ilkinji onluga girip, utuk alanlaryň arasynda Serhio Peres (Red Bull), Jorj Rassell (Mersedes), Lando Norris (Maklaren), Fernando Alonso (Alfin), Sebastýan Fettel (Aston Martin), Kewin Magnussen (Haas) we Ýuki Sunoda (Alfa Tauri) bar.


10.05.2026 12:29
4k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......

09.05.2026 06:34
4.1k+

FIFA dünýä çempionaty wagtynda ABŞ-ndaky stadionlaryň atlaryny üýtgeder

ABŞ-da futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etjek Milli futbol ligasynyň (NFL) stadionlarynyň atlary wagtlaýynça üýtgediler....

05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....