Ilon Mask bir ýyldan az wagtyň içinde baýlygynyň 35%-ini ýitirdi

  • 23.10.2022 10:28
  • 17k+

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy we Tesla kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň başyndan bäri öz baýlygynyň 35%-ini ýitirdi. Geçen ýylyň noýabr aýynda onuň emlägi 320,3 mlrd dollar bilen bahalandyrylýardy diýip, “Forbes” žurnaly ýazýar. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Diňe oktýabr aýynda Mask 28 mlrd dollar ýitirdi. Neşiriň soňky hasaplamalaryna görä, onuň baýlygy 209,4 mlrd dollara barabar. Şeýle-de bolsa, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde henizem birinji orny eýeleýär.
Milliarderiň baýlygy Tesla-nyň paýnamalary pese gaçandan soň azaldy. 19-njy oktýabrda kompaniýa üçünji çärýek üçin (iýul – sentýabr) maliýe hasabatyny hödürledi, onuň netijeleri bolsa maýadarlaryň garaşanyndan pes boldy. Tesla 21,5 mlrd dollar girdeji gazanandygyny habar berdi, ýöne analitikler girdejiniň 22 mlrd dollar möçberinde bolmagyny çaklapdylar.


20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......