Türki döwletleriň guramasyna agza döwletler bir umumy elipbiýi döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar, şu maksat bilen hem ýörite komissiýa döredildi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
“Dil bitewüligi we türki döwletleriň umumy elipbiýe geçmek prosesini çaltlaşdyrmak maksady bilen bir umumy elipbiýi döretmek boýunça komissiýa döredildi. Bir umumy elipbiýi döretmek boýunça komissiýany emele getirmek baradaky karar Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen we Dil gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanan “Türki dünýäsiniň umumy elipbiýi boýunça seminarda” Türki döwletleriň guramasynyň” (TDG) garamagyna berildi” – diýip, agentlik belleýär.
Seminarda türki döwletleriň alymlary elipbiý we öz ýurtlarynda bolup geçen taryhy dil prosesleri barada maglumat berdiler we bir elipbiýe geçmek we ony türki döwletleriň arasynda ýaýratmak prosesini çaltlaşdyrmagyň ähmiýetini bellediler. Seminaryň çäginde TDG-niň ýanynda “Bir umumy elipbiýi döretmek boýunça komissiýany” emele getirmek kararyna gelindi.
Komissiýa türki döwletlerde dil syýasaty bilen meşgullanýan her bir resmi gurluşdan iki agza girer. Komissiýa TDG-niň Ýaşulular geňeşine bir umumy elipbiý barada hasabat bermeli bolar. Bir umumy elipbiýi döretmek boýunça komissiýanyň ilkinji mejlisi Gyrgyzystanda geçiriler.