Toyota Corolla 2022-nji ýylyň iň geçginli awtoulagy boldy

  • 21.10.2022 14:31
  • 23k+

Toyota Corolla 2022-nji ýylda dünýäde iň geçginli awtoulaga öwrüldi. Focus2move seljerijileriniň hasaplamalary boýunça, üstümizdäki ýylyň ýanwar aýyndan iýul aýyna çenli onuň 629 müň sanysy satyldy.

Meşhurlyk boýunça ikinji ýerde oktýabr aýynda ýapon bazaryna täze wersiýasy çykan Toyota RAV4 krossoweri durýar. Ýylyň başyndan bäri ýedi aýyň içinde onuň 521 müň nusgasy satyldy. Öňdebaryjylaryň "üçlüginiň" yzyna 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende söwdasy 40 göterim diýen ýaly ýokarlanan Tesla Model 3 elektromobili baryp goşuldy: ýanwar aýyndan iýul aýyna çenli 395 müň alyjy şu ulagy saýlady.
Biznes-sedan Toyota Camry-ni hasabat döwründe 383 müňüsi satyldy, bu hem ony dördünji orna çykardy. Ýedi aýda 358 müň sanysy satylan Honda CR-V krossoweri bäşinda ýeri eýeledi.
Tesla Model Y elektriki krossoweri dessine ýedi orun ýokary çykdy: ýylyň başyndan bäri onuň söwdasy rekord 97%-e, 310 müň nusga çenli  göterildi.  Ýedinji ýeri Russiýada iň geçginli koreý ulagy Hyundai Tucson eýeledi: ýanwardan iýula çenli dünýä boýunça ony 302 müň adam satyn aldy.
Şeýle-de, dünýäde islegi uly awtoulaglaryň top-10-lugyna ýedi aýyň hasabat döwründe sedan Nissan Sylphy (274 müň sany), hytaýyň hit elektromobili Wuling Hongguang Mini EV (264 müň sany) we Toyota Yaris (254 sany) girdi. 


şu gün 09:57
2.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

düýn 23:53
2k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.2k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......