Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen gününi gutlady

  • 18.10.2022 16:58
  • 4.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Azerbaýjan Respublikasynyň soňky ýyllarda syýasy we durmuş-ykdysady ugurlarda möhüm üstünlikleri gazanandygyny, öz raýatlarynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyryp, ýokary depginler bilen ösmegini dowam etdirýändigini bellemek guwandyryjydyr” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.
“Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjan dostluk, hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykdylar” diýip, döwlet Baştutan mundan beýläk-de iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy, döwletara dialogy giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýar.


20.06.2026 11:41
4.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......