Braziliýanyň kazyýeti Apple-e iPhone-y zarýad berijisiz satandygy üçin jerime saldy

  • 17.10.2022 15:35
  • 15k+

Braziliýanyň San-Paulu ştatynyň kazyýeti Apple kompaniýasyna ýurtda smartfonlaryny energiýa adapterleri bolmazdan satandygy üçin 19 mln dollar jerime saldy. Bu barada Reuters agentligi habar berýär diýip, incrussia.ru belleýär.

Kazyýetiň karary boýunça, indi kompaniýa Braziliýada iPhone-y zarýad beriji gurluşlar bilen bilelikde satmaly hem-de 2020-nji ýylyň 13-nji oktýabryndan soň iPhone satyn alan ähli braziliýalylara olary bermeli bolýar.
Apple-iň wekilleri kazyýetde kompaniýanyň kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin iPhone smartfonlaryny adapter bilen bilelikde satmagy bes edendigini düşündirdiler, ýöne kazyýet muňa kompaniýanyň alyjylara zarýad beriji gurluşlary aýratyn satyn aldyrmak üçin “tebigat baradaky aladanyň arkasynda gizlenýändigi” bilen jogap berdi.
Kompaniýa hem bu karary şikaýat etmekçidigini aýtdy.


21.05.2026 16:05
8.5k+

Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, dünýä rekordyny goýdular

Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, uzak ýaşamak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Need To Know neşiri habar berdi....

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

04.05.2026 19:45
7.2k+

Şakiranyň Rio-de-Žaneýrodaky mugt konsertine 2 million tomaşaçy ýygnandy

2-nji maýda Şakiranyň Rio-de-Žaneýronyň meşhur Kopakabana kenarynda geçiren mugt konsertine 2 million tomaşaçy jemlendi. Gatnaşanlaryň sany baradaky maglumatlary şäheriň häkimi tassyklady. Bu çykyş aýdymçynyň......