Gazagystanyň ilat sany ösüşini dowam etdirýär

  • 16.10.2022 14:32
  • 7.6k+

1-nji sentýabra çenli Gazagystanyň ilatynyň sany ýylyň başyndan bäri 163,7 müň birlik ýa-da 0,84% artyp, 19 667 müň adama ýetdi. Bu barada Gazagystanyň Milli statistika býurosy habar berdi diýip, centralasia.media belleýär.

2022-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda ilatyň sany, esasan, paýtagtda ösdi – bu ýerde ösüş 3,0%, Almatyda 1,9%, Mangistau sebitinde 1,86%, Şymkentde 1,65% we Almaty sebitinde 1,08% boldy.
1-nji sentýabra çenli paýtagtyň ilaty 1 334,6 müň adama ýetdi. Ilkinji sekiz aýda Gazagystanyň 20 sebitiniň 14-sinde ilatyň köpelişi hasaba alyndy.
Gazagystanyň 20 sebitiniň 16-synda migrasiýa akymy dowam edýär. Ilatyň migrasion köpelişi häzirem Mangistau sebitinde, Şymkentde, Almatyda we paýtagtda bellige alynýar.
Umuman, Gazagystanda ýanwar – awgust aýlarynda saldo otrisatel boldy.
Bu aýlarda ýurduň şäher ilaty 1,17%, 12 131 müň adama çenli, oba ilaty bary-ýogy 0,32%, 7 536 müň adama çenli artdy. Gazagystanda şäher ilatynyň paýy 61,7%, oba ilatynyň paýy 38,3%.


19.06.2026 11:22
4.3k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....