Tokaýew Serdar Berdimuhamedow bilen ikiçäk görnüşde gepleşikleri geçirdi

  • 15.10.2022 12:58
  • 10k+

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew döwlet sapary bilen bu ýurda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirdi diýip, akorda.kz habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda Kasym-Žomart Tokaýew Serdar Berdimuhamedow bilen gazak-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda energetika, ulag we logistika, senagat we oba hojalygy ulgamlaryny ösdürmeklige aýratyn üns berildi.
Serdar Berdimuhamedow Tokaýewe çakylygy hem-de gazak topragynda mähirli garşy alandygy üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

Gazagystanyň Prezidenti öz gezeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamlaryny ugratdy.


şu gün 01:02
2.6k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......

06.05.2026 09:48
5.4k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.9k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......