Microsoft Office-iň ady Microsoft 365 diýip üýtgediler

  • 15.10.2022 09:50
  • 4.8k+

Microsoft kompaniýasy öz möhüm önüminiň — Microsoft Office programma paketiniň çynlakaý rebrendingini geçirmek kararyna geldi.

Microsoft Office-iň peýda bolanyna 30 ýyldan gowrak wagt geçensoň ony Microsoft 365 diýip üýtgetdiler. Excel, Outlook, Word we PowerPoint ýaly öwrenişilen goşundylar hiç ýere gitmez, olaryň ady şol durşuna galar. Ýöne olar indi Microsoft 365 programma pakediniň bir bölegi bolarlar. Şeýle-de, kompaniýa ýakyn wagtda logotipini, dizaýnyny üýtgeder we täze funksiýalary goşar.
Mälim bolşy ýaly, Microsoft 365 – täze bir at däl. Ol Office 365 pakediniň adynyň üýtgedilmeginiň netijesinde peýda boldy. Logotipdäki we dizaýndäki ilkinji üýtgeşmeler Office.com saýtynda noýabrda peýda bolar, ýanwar aýynda bolsa Windows, iOS we Android üçin Office goşundysynyň rebrendingi çykar.
Netijede, Microsoft 365-iň ganatynyň astyna şertli köne we täze goşundylar: Teams, Word, Excel, PowerPoint, Outlook, Loop, Clipchamp, Stream we täze Microsoft Designer jemlener.
Şonuň bilen birlikde, Microsoft Office gutarnykly ýitip gitmez. Microsoft  Office 2021-iň we Office LTSC-iň meýilnamasynyň çäklerinde ulanyjylar we kärhanalar üçin Office goşundysynyň bir gezeklik pakedini satyn almagy teklip etmegini dowam eder. Belki-de bu wagtlaýyn çäre bolsa gerek.


29.01.2026 02:06
1.8k+

Fransiýada döwlet gullukçylaryna Google Meet we Zoom ulanmagy gadagan ederler

Fransiýanyň hökümeti döwlet gullukçylaryna Google Meet, Zoom we Microsoft Teams ýaly Amerikanyň wideoaragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Politico habar berdi. Neşiriň berýän maglumatyna görä, premýer-ministriň diwany ýakyn günlerde resmi wezipeli şahslara wideoaragatnaşyklary diňe Fransiýanyň öz Visio platformasy arkaly geçirmek baradaky talapnamany ýollar...

26.01.2026 17:41
2.1k+

Windows 11-iň täze çykan täzelenmesi «gara ekrana» sebäp bolýar: Microsoft ýalňyşlygy tassyklady

Windows 11 üçin 13-nji ýanwarda çykan KB5074109 belgili howpsuzlyk täzelenmesi kompýuterleriň kadaly işe girizilmegine päsgel berýän çynlakaý näsazlygy ýüze çykardy. Microsoft bu ýalňyşlygyň bardygyny tassyklap, meseläni öwrenip başlandygyny habar berdi...

24.01.2026 17:13
1.4k+

Windows 11-iň Paint programmasy indi emeli aň arkaly reňklemeli suratlary döredip bilýär

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylary üçin «Notepad» we «Paint» programmalarynyň täze synag wersiýalaryny hödürledi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, bu täzelikler häzirki wagtda «Windows Insider» maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin elýeterlidir...

21.01.2026 10:07
2.7k+

Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär...