Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň sammitinde birnäçe teklipleri öňe sürdi

  • 14.10.2022 15:47
  • 12k+

Şu gün Astana şäheriniň Kongres merkezinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlykda ileri tutýan ugurlary bilen bagly çykyş etdi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde berilýän habara görä, döwlet Baştutany çykyşynyň başynda häzirki umumydünýä meýilleriniň çylşyrymlydygyna garamazdan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çägindäki özara hereketleriň durnuklylygyny we depginli ösüşini saklaýandygyny belledi. Hormatly Prezident Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady, söwda maýa goýum aragatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge aýratyn ünsi çekip, üstaşyr ulag düzümlerini döretmegiň, energiýany geçirijilerini giňeltmegiň, täze kommunikasiýalary gurmagyň zerurlygy barada aýtdy. Şu ugurlarda Hazar sebitiniň geljegi uly mümkinçilikleri bar. Şoňa görä-de Hazarda köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň konseptual meselelerine ünsi çekip, döwlet Baştutany Hazar ugrunyň GDA-nyň geljekki meýilnamalarynda degişli orny eýelemelidigini belledi.
Türkmenistan Arkalaşygyň günorta ugurlarynda, şol sanda Owganystanda, Eýranda we Pakistanda energetika, ulag-aragatnaşyk taslamalaryny öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, şol taslamalara GDA agza döwletleriň hem işjeň gatnaşyp biljekdikleri nygtaldy. Arkalaşygyň içinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşi barada aýdylanda, pandemiýa şertlerinde biziň işewürlik hyzmatdaşlygymyzyň depginini peselden kynçylyklary tizden-tiz aradan aýyrmaga döredijilikli itergileri bermek zerurdyr. Şu nukdaýnazardan, GDA ýurtlarynyň köppudaklaýyn ykdysady sergi-ýarmarkasyny guramagyň üstünde işlemek hakynda oýlanmak teklip edildi.
Daşary syýasy gün tertibiniň meselelerine ünsi çekip, hormatly Prezident ýakynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde howpsuzlyk ulgamynda öňe süren teklipleriniň Arkalaşygyň ähli ýurtlary üçin hem möhümdigini belledi. Şol meseleleri çözmekde GDA-nyň bu ugurdaky halkara hukuk we guramaçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegi zerurlyk bolup orta çykýar.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň işinde güýçli birleşdiriji şertleriň biri bolmagynda galýar. Şunda Türkmenistanyň iri halkara sport ýaryşlaryny guramagyň öňbaşçysy bolup çykyş edýändigini aýdyp, Preziden Serdar Berdimuhamedow «Dostluk oýunlaryny» guramak boýunça işlere başlamagy teklip etdi. Yzygiderli esasda geçiriljek bu oýunlara diňe bir GDA ýurtlarynyň däl, eýsem, oňa gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriň türgenleri hem gatnaşyp bilerler. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz tarapyndan şu ugurda degişli taslamanyň işläp taýýarlanylandygyny mälim edip, döwlet Baştutany ilkinji «Dostluk oýunlaryny» Türkmenistanda geçirmek başlangyjyny öňe sürdi.


20.06.2026 11:41
4.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......