Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

  • 14.10.2022 15:06
  • 19k+

Gazagystanyň Prezidentiniň ýolbaşçylyk etmeginde Astanada GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi.

Sammitiň işine şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus döwletiniň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Başlygy Sergeý Lebedew we RF-niň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidentiniň bellemegine görä, bu günki çäre COVID-19 pandemiýasyndan soň, ýüzbe-ýüz görnüşde geçirilýän GDA-nyň ilkinji doly derejeli sammiti boldy.
Döwlet Baştutanlary gönüden-göni resminamalara gol çekmek dabarasyna geçmegi ylalaşdylar.
Mejlisiň jemini jemläp, Kasym-Žomart Tokaýew sammitiň örän netijeli geçendigini belledi.
Giňişleýin düzümde geçen mejlisde şeýle hem Sergeý Lebedew we Walentina Matwiýenko çykyş etdi.


20.06.2026 11:41
4.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......