Parižiň ýokary moda hepdeliginde suwuk köýnek görkezildi

  • 14.10.2022 12:05
  • 30k+

Parižde geçen Ýokary moda hepdeliginde adamyň endamyna spreý görnüşinde sepilýän köýnek bilen tanyşdyrdylar.

Parižiň Coperni brendiniň görkezilişiniň soňlamasynda 25 ýaşly model Bella Hadid podiuma ýalaňaç diýen ýaly çykdy. Ol ýodajygyň ahyryna çenli ýöräp, aýak çekdi we ellerini ýokary galdyrdy. Onuň ýanyna elleri pulwerizatorly adamlar bardylar we modeliň tenine ak substansiýany sepmäge durdular, substansiýa derä galtaşan dessine synanyň galypyny alyp, gatady. Şol wagtyň özünde Coperni-niň topary bu «piläni» gerdeni açyk köýnege öwürdi: işgärler ýakalykdaky gerekmejek matany işdiler we ýubka dilik etdiler. Bella Hadid podiumdan eteklerine ýyrtyk şekil berlen owadan köýnekli çykyp gitdi.  Bu işe spreý-köýnegi oýlap tapan ispan dizaýneri Manel Torres beýemçilik etdi.
Dostlarynyň bir oturylyşygynda ol jaýyň içini ballonçikden sepilen serpantin bilen bezändiklerini görýär. «Şonda bu pikir kellämden at salyp geçdi» — diýip, ol soňra žurnalistlere gürrüň berýär. Geýim bezegi bilen gyzyklanýan Torresiň aňynda, adaty kerebiň mysalynda, adamyň gös-göni egninde futbolka örüp boljak spreýi döretmek pikiri döreýär. Ýöne iş ýüzünde muny nädip amala aşyrjagyny bilmeýär. Ol Londondaky täzeçillik taslamalaryna gujak açýanlygy bilen meşhur bolan Imperiýa kollejine barýar. Onuň başlangyjy ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň göwnüne ýaraýar we Manele synaglaryny geçirmek üçin barlaghana we material bölüp berýärler.  


düýn 13:24
3.7k+

Fransuz dizaýneri dabanyň anatomiýasyndan ylham alan krossowkany çap etdi

Fransuz dizaýneri Mahdi Naim EXOSKYN krossowkasyny – KORUX brendiniň adam dabanynyň gurluşyndan ylham alyp döredilen ilkinji modelini hödürledi. Bu krossowkanyň esasy aýratynlygy onuň formasynyň aýagyň süňkleriniň gurluşyny gaýtalamagydyr...

17.05.2025 14:38
2.2k+

Pariž medeniýet we sungat muşdaklary üçin iň gowy şäher hökmünde saýlandy

Pariž 2025-nji ýylda medeniýet we sungat söýüjileri üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada Time Out žurnaly habar berdi, ol dünýäniň dürli şäherlerinden 18,5 müňden gowrak ýaşaýjy bilen pikir soraşma geçirdi...

17.04.2025 22:36
4.1k+

Hermès Fransiýanyň iň gymmat lýuks brendi boldy, emma uzaga çekmedi

Hermès International SCA gysga wagtlyk Fransiýanyň iň gymmat lýuks kompaniýasy boldy. Ol bazardaky umumy gymmaty boýunça LVMH konglomeratyndan öňe geçdi. Muňa garşydaşynyň paýnamalarynyň bahasynyň birden pese gaçmagy sebäp boldy diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär...

17.03.2025 10:43
4.2k+

Pariž moda hepdeliginde içine zat salyp bolmaýan çyra-sumka hödürlendi

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde ýerleşýän Gantri dizaýn studiýasy Pariž moda hepdeliginde şöhle saçýan Bag Table Light atly sumkasyny tanyşdyrdy. Sumkanyň döredijileri ony «kutýur bilen bezegiň arasyndaky araçäkleri...