Serdar Berdimuhamedow Gazagystana sapar bilen bardy

  • 14.10.2022 11:44
  • 19k+

Şu gün — 14-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow iri halkara çärelere gatnaşmak üçin we döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna geldi. Munuň özi hormatly Prezidentiň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň ilkinji sapary mynasybetli Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Alihan Smailow, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Saparyň birinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýokary derejeli duşuşyklaryň ikisine ― GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitine gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Astana sammiti Gazagystanyň şu ýyl Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýan möhüm çäreleriň biridir. Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitinde gurama gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleri doly düzümde geçiriljek nobatdaky duşuşygyň gün tertibine giriziljek meseleleri anyklaşdyrdylar. Şoňa görä-de, sammitiň dowamynda Arkalaşygyň giňişligindäki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garamak we kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Russiýanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek «Merkezi Aziýa ― Russiýa»  düzüminde geçiriljek ýokary derejeli duşuşyk bolsa sebitiň ýurtlarynyň Russiýa bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny toplumlaýyn esasda ara alyp maslahatlaşmaga täze goşmaça itergi berer. 


20.06.2026 11:41
4.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......