Abdel Latif Raşid Yragyň prezidenti wezipesine saýlandy

  • 14.10.2022 08:59
  • 7.4k+

Yragyň Wekiller geňeşi (parlament) Abdel Latif Raşidi ýurduň täze prezidenti hökmünde saýlady. Bu barada Yragyň “Rudau” teleýaýlymy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Gizlin ses berişligiň ikinji tapgyrynda ol garşydaşy Barham Salehden has köp ses gazandy. Parlamentiň hasaplaýyş komissiýasynyň maglumatlaryna görä, Raşid üçin 162 ses, Saleh üçin 99 ses berildi, 8 býulleteniň güýji ýok diýlip hasap edildi. Şeýlelikde, ses berişligiň ikinji tapgyrynda has köp ses almak bilen, 2003 – 2011-nji ýyllarda Suw baýlyklarynyň ministri wezipesini eýelän Raşid Yrak Respublikasynyň onunjy prezidenti boldy.
Raşidi prezident wezipesine saýlanmagy bilen ilkinjileriň biri bolup ýurduň premýer-ministri Mustafa al-Kazymi gutlady.
Yragyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet baştutany ýurduň kürt jemgyýetine, premýer-ministr şaýy musulmanlaryna, parlamentiň başlygy bolsa sünni musulman konfessiýasyna degişli bolmaly. Täze döwlet baştutany saýlanandan soň 15 günüň dowamynda resmi taýdan täze premýer-ministri bellemeli.


08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

02.06.2026 07:40
5.8k+

Yrak ägirt uly nebit ýatagynyň tapylandygyny mälim etdi

Yrak Saud Arabystany bilen serhediň golaýynda, ýurduň günbatar-günortasynda ýerleşýän Nejef welaýatynda iri nebit ýatagynyň tapylandygyny habar berdi. Deslapky çykarylan netijelere görä, gözleg meýdançalarynyň......

14.04.2026 14:32
6k+

Serdar Berdimuhamedow Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedini Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär....

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......