Dünýäde elektrokarlaryň we gibrid ulaglaryň satuwy 62% ýokarlandy

  • 12.10.2022 17:47
  • 5.7k+

2022-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde 4,3 million sany elektriki we gibrid (PHEV, ýagny zarýad berilýän) ulag satyldy. Bu 2021-nji ýylyň degişli döwründäkiden 62% köpdür. Şeýle hasabaty ev-volumes.com portaly ýazýar. 

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende diňe elektrokarlaryň özüniň ýerlenilişiniň möçberi 75%, plagin-gibrid modeliniňki bolsa — 37% artdy. Daşyndan zarýad almaga mümkinçiligi bolmadyk gibrid ulaglaryň satuwy hem artdy (14%), şonda ýumşak gibrid gurluşly awtoulaglaryň satuwy bolsa, tersine, 7% pese gaçdy. 
Adaty içinden ot alýan hereketlendirijili ulaglaryňam söwdasy peseldi (16%). Tutuş dünýä boýunça ýylyň birinji ýarymynda ulaglar 8% az ýerlenildi.
Batareýaly modelleriň satuwy boýunça Hytaýyň BYD konserni öňbaşçy boldy. Onuň söwdasy 2021-nji ýylyň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende birbada 320% artdy, ýöne barybir doly bahaly elektrokarlaryň arasynda öňdeligi ep-esli öňe saýlanan Tesla eýeleýär.
ev-volumes.com.-yň çaklamasyna görä, tutuş 2022-nji ýylda dünýäde 10,6 million «elektriklijeler» we zarýad berilýän gibridler (degişlilikde 8 we 2,6 million sanysy) satylmaly. Ýylyň ahyryna çenli ulanyşa beriljek batareýaly modelleriň umumy sany 27 milliona ýetmeli, olaryň 70%-i doly elektrikleşdirilen ulag bolar.  


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......