11-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda “Dizaýn — 2022” forumy geçirildi. Oňa ýaş we tejribeli binagärler, şäher gurşawynyň dizaýn ulgamynda işleýän hünärmenler, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşyga daşary ýurtlardan gatnaşýanlaryň hatarynda Türkiýeden, ABŞ-dan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan wekiller bar. Şäherleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek işinde hem-de olaryň maýa goýumlar babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmakda binagärligi we dizaýny netijeli ulanmak üçin şertleri döretmek şu forumyň esasy meseleleriniň biridir.
Çykyş edenler ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk esasynda halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ilerletmäge ygrarlydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek baradaky maglumat diňlenildi, şeýle-de bu ugurda gazanylan netijeler we geljekde ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyşlarda 1988-nji ýyldan bäri hereket edýän Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşiginiň dizaýnerleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, degişli taslamalary durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmäge, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de bu ulgamda ýaş hünärmenleri taýýarlamaga çalyşýandygy aýdyldy.
Ertir sergi öz işini dowam eder.