Serdar Berdimuhamedow senetçilik we amaly-haşam sungaty boýunça halkara festiwala gatnaşyjylary gutlady

  • 11.10.2022 23:05
  • 5.5k+

12-nji oktýabrda Lebap welaýatynda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal açylýar. Şu mynasybetli Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

“Häzirki wagtda parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlykda özara medeni gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanda halkara derejede festiwallar, sergiler, maslahatlar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy kemala getirmekde şeýle çäreleriň ähmiýeti örän uludyr” diýlip Gutlagda bellenilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda: “Çeper döredijilik we sungat ynsan kalbynyň paýhasydyr, gudratydyr. Sungatyň güýji adamlary parahatçylyga, dostluga çagyrýar. Sungat derejesine göterilen çeper döredijilik işlerine adamzat nesli hemişe tagzym edip gelýär. Dünýä halklarynyň senetçilikde, amaly-haşam sungatynda gazanan üstünlikleri umumadamzat gymmatlyklarynyň baýlygydyr, şöhratydyr. Halk senetçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň dürdäne nusgalary häzirki wagtda parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň nyşany bolup, älem-jahana ýalkym saçýar. «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal hem dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygynyň, medeni hyzmatdaşlygyň täze derejelere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” dýip nygtady.
«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly festiwalyň dowamynda geçiriljek sergileriň, ylmy-amaly maslahatyň, milli lybaslaryň görkezilişiniň, daşary ýurtly senetçileriň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygynyň we ussatlyk sapaklarynyň bu halkara çäräniň many-mazmunyny baýlaşdyrjakdygyna, ähmiýetini has-da ýokarlandyrjakdygyna pugta ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutany Gutlagyny iň gowy arzuwlar bilen jemledi.


25.05.2026 11:17
9.2k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

01.05.2026 23:23
3.4k+

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

26.04.2026 13:51
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

26.04.2026 13:44
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......