Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýrak bank gözlegleri üçin berildi

  • 11.10.2022 15:33
  • 5.1k+

2022-nji ýylda Alfred Nobeliň hatyrasyna Şwesiýanyň Döwlet bankynyň baýragy ABŞ-nyň Federal ätiýaç ulgamynyň öňki ýolbaşçysy Ben Bernanke hem-de iki amerikaly gözlegçi Duglas Daýmond bilen Filip Dibwige berildi. Bu barada Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň Nobel komiteti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Baýrak “banklar we maliýe çökgünlikleri boýunça gözlegler üçin” berler. Şu ýylyň laureatlary “banklaryň ykdysadyýetdäki, aýratynam, maliýe çökgünlikleri döwründe we maliýe bazarlaryny düzgünleşdirmekdäki ornuna has gowy düşünmäge kömek etdiler” diýip, komitet belleýär.

“Banking ulgamyndaky häzirkizaman gözlegler bize banklaryň näme üçin gerekdigini, olaryň çökgünlik döwründe gowşaklyk derejesini nähili peseltmelidigini hem-de bank synmalarynyň maliýe çökgünliklerini nähili güýçlendirýändigini düşündirýär. Bu gözlegleriň esasyny Ben Bernanke, Duglas Daýmond we Filip Dibwig heniz 1980-nji ýyllaryň başynda goýdular. Olaryň bu amallary seljermegi maliýe bazarlaryny düzgünleşdirmekde we maliýe çökgünlikleri bilen göreşmekde uly ähmiýete eýedir” – diýip, metbugat relizinde bellenilýär.

Daýmond bilen Dibwigiň teoriýasy banklaryň ýakyn wagtda synjakdygy baradaky gürrüňleriň öňünde gowşakdygyny subut etdi: köpçülikleýin pul alynma bolýar we netijede bank çökýär. Daýmond bilen Dibwig banklaryň gowşaklyk meselesini goýumlaryň döwlet ätiýaçlandyryşynyň kömegi bilen çözmegi teklip etdiler. “Haçan-da goýumçylar döwletiň olara pul kepillendirýändigini bilseler, olara bankrot baradaky gürrüňler başlan badyna banka howlukmak gerek däl” – diýip, komitet ýazýar. Bernanke bolsa 1930-njy ýyllardaky Beýik çökgünligi seljermegiň esasynda banklardan pullaryň köpçülikleýin alynmagynyň çökgünligi nähili uzaga çekendigini we çuňlaşdyrandygyny görkezdi.


düýn 11:05
3.9k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......