Samsung operasion girdejisiniň 32% peselmegine garaşýar

  • 11.10.2022 15:20
  • 3.7k+

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics Co. kompaniýasy üçünji çärýekde operasion girdejisiniň 32% azaljakdygyny çaklaýar diýip, kapital.kz belleýär.

Kompaniýa 30-njy sentýabrda tamamlanan çärýegiň jemi boýunça, operasion girdejisiniň geçen ýylyň degişli döwründäki 15,8 trln wona bilen deňeşdirilende, 10,8 trln wona (7,7 mlrd dollar) bolmagyna garaşýar. Deslapky hasaplamalara görä, girdeji 2,7%, 76 trln wona çenli ýokarlandy.
Şol bir wagtyň özünde, FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler kompaniýanyň operasion girdejisiniň 11,9 trln wona möçberinde, girdejiniň 78,2 trln wona möçberinde bolmagyna garaşýarlar.
Şu ýyl Samsung elektronika we ýat çipleri üçin islegiň ýokary bolmagy netijesinde rekord girdejini hasaba aldy. Şeýle-de bolsa, soňky döwürde ýokary inflýasiýanyň we global çökgünlik töwekgelçiliginiň güýjemegi esasynda bu önüme bolan isleg gowşaýar.
Kompaniýanyň operasion görkezijileriniň ýaramazlaşmagynyň beýleki sebäpleriniň arasynda ABŞ-nyň dollarynyň wona görä ýokarlanmagy hem bar. Günorta Koreýanyň walýutasynyň hümmeti ýakynda 13 ýyllyk minimumy täzeledi.
Samsung-yň üçünji çärýek üçin hasabaty 27-nji oktýabrda çap ediler.


düýn 20:25
2.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......