Aşgabatda dizaýn ugurly halkara forumlar geçirilýär: Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylary gutlady

  • 11.10.2022 13:27
  • 5.5k+

Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi. Onda Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda alnyp barylýan işleri mazmun taýdan baýlaşdyrmakda Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde geçirýän bu çäreleriniň ähmiýeti nygtalýar.

“Bu forum we halkara sergi pudagara derejedäki, şeýle-de türkmen telekeçileriniň, döredijilik ussatlarynyň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredip, ileri tutulýan ugurlary aýdyň görkezer diýip pikir edýärin” diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belledi.

«Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi bolsa ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň we düzümleriniň, binagärleriň, dizaýnerleriň, heýkeltaraşlaryň täze teklipleridir gazananlary bilen tanyşdyrar. Şeýle-de Aşgabadyň ajaýyp keşbini, ykdysadyýetde, medeniýetde we beýleki ugurlarda ýeten belent derejelerini beýan eder.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda: “Bu abraýly guramanyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna «Gadymy Merw» we «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň, Köne we Täze Nusaý galalarynyň, şeýle-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň girizilmegi Garaşsyz ýurdumyzyň halkara derejedäki belent ykrarnamasydyr. Şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, 2004-nji ýylda döredilen ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna häzirki wagtda dünýäniň 90 ýurdundan şäherleriň 300-e golaýy girýär we «Dizaýn» ugry boýunça Aşgabat şäherini girizmek babatda hem zerur çäreler amala aşyrylýar” diýip belledi.


19.03.2025 15:02
13k+

Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guraldy

«Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabatda ilkinji gezek türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...

17.03.2025 07:57
10k+

Aşgabatda moda görkezilişinde dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary hödürleniler

17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar»...

21.10.2024 16:49
3.1k+

Türkmenistan Russiýanyň kitaphanalaryna Magtymgulynyň ýygyndylaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserler ýygyndysynyň sowgatlyk nusgalaryny Russiýanyň öňdebaryjy kitaphanalaryna gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik...

29.08.2024 17:47
8.8k+

Aşgabatda modaly lybaslaryň türkmen-eýran sergisi açyldy

Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde ilkinji gezek modaly lybaslaryň sergisini gurady. Sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň...