Google täze flagman smartfonlary we ilkinji «akylly» sagatlary bilen tanyşdyrdy

  • 08.10.2022 22:13
  • 10k+

Amerikanyň Google kompaniýasy penşenbe güni geçen tanyşdyryş dabarasynda täze Pixel 7 we Pixel 7 Pro flagman smartfonlaryny, şeýle-de özüniň ilkinji Pixel Watch "akylly" sagatlaryny hödürledi.

​​​​Bahasy degişlilikde 599 dollardan we 899 dollardan başlaýan smartfonlarda has ýokary öndürijilikli täze Tensor G2 çipi ulanylýar. Modelleriň ikisi hem aňrybaş energiýa tygşytlaýjy režimde goýlanda zarýad berilmezden 72 sagada çenli işläp bilýär, öňküler diňe 48 sagat işläp bilýärdi.

Pixel Watch, öz gezeginde, Fitbit tehnologiýasy utgaşdyrylan Android operasion ulgamyň esasyndaky "akylly" sagatlaryň birinji modeli bolar diýip, The Wall Street Jounal belleýär. 
Täze gajetler dükanlara 13-nji oktýabrda çykar.
Pixel smartfonlary geçginliligi boýunça Apple we Samsung ýaly bazaryň iň hyrydarly öňdebaryjylaryndan düýpli yza galýar. Demirgazyk Amerikanyň bazarynda gurluşyň paýy 2% töweregi hem bolsa, ol kem-kemden artmak bilen. Canalys seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Pixel-iň satuwy ýylyň ikinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üç esseden gowrak artypdyr. 


şu gün 04:00
546

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
850

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...