Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

  • 07.10.2022 22:03
  • 23k+

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Şeýle hem sammitde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öz ornuny aldy.

Çäräniň dowamynda GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylary guramanyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, özara peýdaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we mundan beýläk-de ösdürmek meýilnamalary boýunça pikir alyşdylar.


20.06.2026 11:41
4.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......