Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana döwlet saparyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

  • 06.10.2022 00:23
  • 11k+

4-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, gazak tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Konuspaýew ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda ýokary derejedäki saparlaryň esasy ornuny bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet sapary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de şu ýylyň oktýabr aýynyň dowamynda Gazagystanda geçiriljek möhüm halkara çäreleri guramak hem-de olara taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi barada hem aýratyn bellenildi. Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna jikme-jik seredip geçdiler.


11.05.2026 22:55
922

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......