Himiýa boýunça Nobel baýragynyň laureatlary belli boldy

  • 05.10.2022 23:59
  • 5k+

2022-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragy alymlar toparyna – amerikalylar Karolin Bertossi bilen Barri Şarplesse, şeýle-de daniýaly Morten Meldala berildi. Bu barada Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň Nobel komiteti yglan etdi diýip, TASS habar berýär.

Alymlar klik-himiýany we bioortogonal himiýany ösdürendikleri üçin ýeňiji boldular diýip, komitet belleýär. Şarpless bilen Meldal klik-himiýanyň düýbüni tutdular, Bertossi bolsa ony janly organizmler bilen bagly ulanyp başlady.
Şarpless üçin bu ikinji Nobel baýragy. 2001-nji ýylda ol Uilýam Noulz (ABŞ) we Riodzi Noiori (Ýaponiýa) bilen bilelikde farmasewtika üçin zerur bolan aýna molekulalaryny öndürer ýaly katalizatorlary açandygy üçin laureat boldy. Bu gezek Şarpless ýönekeý we ygtybarly himiýa bolan klik-himiýa konsepsiýasyny oýlap tapdy. Onda reaksiýalar çalt bolup geçýär we gerekmez goşmaça önümler aradan aýrylýar.
Tiz wagtdan ol we Meldal, hersi aýratynlykda, azidler bilen alkinleriň arasyndaky reaksiýany – düzüminde mis saklaýan katalizatorlar bilen azid-alkin sikl birleşmesini görkezdiler. Hünärmenler muny “klik-himiýanyň merjeni” diýip atlandyrýarlar: häzirki wagtda bu himiki reaksiýa farmasewtik serişdeleri taýýarlamakda, DNK-ny kartalaşdyrmakda we munuň üçin gerekli materiallary döretmekde ulanylýar.
Bertossi klik-himiýany täze derejä çykarmagy başardy. Öýjükleriň üstündäki möhüm, ýöne göze ilmeýän biomolekulalary – glikanlary kartalaşdyrmak üçin, ol janly organizmleriň içinde ýüze çykýan reaksiýalary gazanyp bildi. Şeýle bioortogonal reaksiýalar öýjügiň himiki düzümini bozmazdan bolup geçýär. Indi bu reaksiýalar öýjükleri öwrenmek we biologiki proseslere gözegçilik etmek üçin ulanylýar. Olaryň kömegi bilen alymlar rak keseline garşy serişdeleri dozalara bölmegi kämilleşdirdiler, häzir bu usul kliniki synaglardan geçýär.


08.10.2025 16:25
2.3k+

Himiýa boýunça Nobel baýragy “metal-organiki karkas gurluşlaryň döredilendigi” üçin berildi

Şwesiýada himiýa boýunça Nobel baýragynyň laureatlary yglan edildi – olar Susumu Kitagawa, Riçard Robson we Omar Ýagi boldy. Olara baýrak “metal-organiki karkas gurluşlary işläp taýýarlandygy üçin” berildi diýlip, Nobel komitetiniň habarynda aýdylýar...

07.10.2025 17:45
3.6k+

Fizika boýunça Nobel baýragy kwant tehnologiýalary ulgamynda açyş üçin berildi

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň fizika boýunça baýragynyň eýelerini yglan etdi – olar üç amerikaly alym Jon Klark, Mişel Dewore we Jon Martinis boldy. Olara baýrak “makro derejesinde kwant tunneliniň açyşy we elektrik zynjyrynda energiýanyň kwantlaşmagyny görkezendigi üçin” berildi...

06.10.2025 17:39
3.1k+

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy immun ulgamynyň öwrenilendigi üçin berildi

Stokgolmda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi. Baýrak “periferik immunologik tolerantlyk” diýlip atlandyrylýan ugurdaky açyş üçin amerikalylar Meri E.Brankowa, Fred Ramsdella we ýaponiýaly Şimon Sakaguçä berildi...

09.10.2024 19:03
4.5k+

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragy belok gurluşlarynyň öwrenilendigi üçin berildi

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri amerikaly Dewid Beýker hem-de britaniýalylar Demis Hassabis we Jon Jamper boldular. Şwesiýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň bu çözgüdini 9-njy oktýabrda...