Harby we hukuk goraýjy edaralaryň geçen 9 aýdaky işleri seljerildi

  • 05.10.2022 23:57
  • 18k+

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Ilki bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada gezekli-gezegine hasabat berdiler. Hususan-da, Ýaragly Güýçleriň degişli düzümlerinde harby okuw-türgenleşik işlerine taýýarlyk, şol sanda guryýer, harby-howa we harby-deňiz goşunlarynda alnyp barylýan tälim beriş, türgenleşik çäreleriniň netijeleri, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň netijeleri, onuň çäklerinde durmuşa geçirilen çäreler barada habar berildi.
Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy hasabatlary diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň wezipelerini üstünlikli çözmek, döwletimiziň konstitusion gurluşyny we çäk bitewüligini goramak, jemgyýetimizde parahatçylygy, asudalygy üpjün etmek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň utgaşykly işini ýola goýmagyň  wajypdygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde döwlet häkimiýeti, ýerli ýerine ýetiriji hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan kanunlaryň we  kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirmek barada görkezme berildi.
Döwlet Baştutany mejlisiň jemini jemläp, Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belledi. “Şoňa görä-de, şu maksatlara esaslanyp kabul edilen Harby doktrinamyz hem diňe goranyş häsiýetine eýedir. Biz harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini mundan beýläk-de yzygiderli döwrebaplaşdyrarys, ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris” diýip, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy belledi.


20.06.2026 11:41
4.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......