Makron: “Serdar Berdimuhamedow bilen görüşmek meniň üçin uly hormatdyr”

  • 05.10.2022 11:39
  • 22k+

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen görüşmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Bu barada fransuz Lideriniň türkmen kärdeşine Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlag hatynda nygtalýar.

Hususan-da, Emmanuel Makron hatynda: “Ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna umyt edýärin. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Parižde täze ilçisiniň bellenilmegini mübärekleýärin. Onuň gatnaşyklarymyzyň ösdürilmeginiň bähbidine işlejekdigine ynanýaryn. Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga tüýs ýürekden ygrarly bolup, ykdysady, oba hojalygy, ekologiýa, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek babatda bilelikde işläp biljekdigimize ynanýaryn. Biziň kompaniýalarymyz özleriniň nou-haularyny Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hyzmatynda goýmaga taýýardyr” diýip belledi we Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen görüşmegiň özi üçin uly hormat boljakdygyny tassyklady.


düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

31.05.2026 13:30
7k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......