Serdar Berdimuhamedow gazak kärdeşini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 05.10.2022 11:36
  • 3.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda geçen 30 ýylyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary depginler bilen ösdürilendigini we hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda pugtalandyrylandygyny belledi. Häzirki döwre çenli Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we köp sanly beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda 140-dan gowrak ikitaraplaýyn ylalaşyk baglaşyldy. Halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow hatynda: «Bilelikdäki tagallalar esasynda köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, gazanylan ylalaşyklary biziň doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine amala aşyrmagy yzygiderli dowam etdirjekdigimize ynanýaryn» diýip belledi.


şu gün 01:02
2.9k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......

06.05.2026 09:48
5.4k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.9k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......