HBS: TikTok Gazagystanda wekilhana açar

  • 03.10.2022 14:49
  • 9.8k+

TikTok serwisi Gazagystanda wekilhana açar. Bu barada kompaniýanyň wise-prezidenti Teo Bertram “Digital Bridge” halkara forumynda aýtdy diýip, centralasia.media belleýär.

“Bu ýerde mazmunyň hili diýseň gowy, biz hut Gazagystanyň tutuş sebit üçin merkez bolmagyny isleýäris. Biziň kompaniýamyzda dürli maksatnamalar, mysal üçin, syýahatçylyk boýunça maksatnamalar bar. Bu ýerde tebigat hem ajaýyp, biz ol barada has giňişleýin maglumat bermäge kömek edip bileris. Milli aşhana, däp-dessurlar, gözel ýerler – adamlara ähli zat gyzykly. Bu ýurdy dünýä tanatmagyň täze usulydyr. Biz şeýle taslamalary dürli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş, bilim we ykdysadyýet ulgamlarynda-da işe girizmegi meýilleşdirýäris. Maksatnama işe goýberilýär we şonuň esasynda mazmun taýýarlanýar” – diýip, Teo Bertram žurnalistlere gürrüň berdi.

Habar berlişi ýaly, wekilhana mazmun döredijilere maslahat berer. Hünärmenler gowy görýän işiňde nähili gazanç etmelidigini we öz wideoňa mahabaty nädip goşmalydygyny öwreder.


19.06.2026 11:22
4.4k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......