Tailandyň häkimiýetleri giriş üçin ähli koronawirus çäklendirmelerini aýyrdy

  • 03.10.2022 14:46
  • 5.4k+

Tailandyň hökümeti şenbe gününden başlap ýurtda koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen adatdan daşary ýagdaý režimini ýatyrdy. Bu barada Royal Thai Government Gazette-de çap edilen kararda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Ilkibaşda 2020-nji ýylyň mart aýynda girizilen çäklendirme 19 gezek uzaldyldy, ýöne şu ýylyň 23-nji sentýabryndan häkimiýetler Tailandyň pandemiýadan soňky tapgyra geçmeginiň çäklerinde ony ýatyrmak kararyna geldiler. Şonuň bilen birlikde patyşalykdaky koronawirus bilen göreş merkezi aýratyn edara hökmünde işini bes etdi. Onuň wezipeleri Tailandyň Saglygy goraýyş ministrligine geçirildi.
Mundan başga-da, patyşalyga girýänler üçin sanjym şahadatnamasyny ýa-da koronawirus barlagynyň netijelerini görkezmek talaby ýatyryldy.
Ýöne çäklendirmeleriň köpüsiniň ýatyrylandygyna garamazdan, Tailandyň häkimiýetleri adamlaryň köpçülik bolup üýşýän ýerlerinde örtük dakynmagy henizem maslahat berýärler. Ýeňil alamatlar bilen koronawirus ýokuşanlara indi üzňelikde bolmak hökman däl. Şol bir wagtyň özünde, ýokanç keselli bilen ýakyn aragatnaşykda bolan adamlar 10 günüň dowamynda öz saglyk ýagdaýlaryna özbaşdak gözegçilik etmeli.
Ilatynyň sany 69,6 mln adam bolan Tailandda ilkinji koronawirus bilen keselleme hadysasy 2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda ýüze çykaryldy. Häzirki wagtda patyşalykda kesellänleriň sany 4,68 milliondan geçdi, 4,64 milliondan gowrak adam sagaldy, 32,7 müň hassa aradan çykdy.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......