Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biz «Bitewi Hytaý» syýasatyny goldap, arabozarlyga garşy çykyş edýäris»

  • 03.10.2022 12:02
  • 12k+

Türkmenistan Hytaýyň «Bitewi Hytaý» syýasatyny doly goldaýar. Bu barada «Ženmin Žibao» gazetinde çap edilen makalasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hususan-da: “Türkmenistan, öz gezeginde, hytaýly hyzmatdaşlarymyza, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäkleriniň bitewüligine we jebisligine degişli möhüm meselelere öz çemeleşmelerini hemişe aç-açan, gönümel kesgitleýär. Biz «Bitewi Hytaý» syýasatyna pugta eýerýäris hem-de arabozarlygyň dürli ýüze çykmalaryna garşy çykyş edýäris. Şeýle-de köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy, Birleşen Milletler Guramasyny we onuň Howpsuzlyk geňeşini özgertmek, Owganystanda parahatçylygy dikeltmek, energiýa we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek üçin täsirli çäreleri görmek ýaly möhüm meseleler boýunça garaýyşlarymyzyň umumydygyny beýan etmegi zerur hasaplaýaryn” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaý bilen bilelikde halkara işlerde deňhukuklylyk, adalatlylyk, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda çykyş edýändigini nygtady.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......