Porsche Ýewropada iň iri IPO-ny geçirdi

  • 02.10.2022 07:41
  • 5.6k+

Volkwagen nemes awtoulag konserni söwdalaşyklary 29-njy sentýabrda Frankfurt biržasynda Porsche-niň paýnamalarynyň bahasyny kesgitledi. WSJ-nyň maglumatlaryna görä, kompaniýa her biri 82,5 ýewro durýan 114 mln-a golaý ýeňillikli paýnamalary ýerledi. Bu baha diapazonynyň ýokary serhedi.

Ýerlemegiň netijesinde  Porsche 75,2 mlrd ýewro baha gazanar – bu hem sentýabryň ortasyndan bäri kompaniýanyň aňrybaş çaklamasy. Şol wagt ol birža 70 mlrd ýewrodan 75,1 mlrd ýewro çenli aralykda çykaryn öýdýärdi.
IPO netijesinde, kompaniýa dünýäde kapitalizasiýa boýunça iň iri ulag öndürijileriň bäşliginde çykýar. Şonda ol degişlilikde 886 mlrd ýewro we 232 mlrd ýewro bahaly Tesla-dan we Toyota-dan yza galyp, ýöne Mercedes-Benz-den öňde bolýar.
Porsche jemi 911 mln paýnama ýerlär: 455,5 mln ýeňillikli (dolandyrmaga hukuk bermeýärler) we 455,5 mln adaty. 114 mln eýýäm çykarylan kagyzlar – bu IPO üçin bölünip berlen ýeňillikli paýnamalaryň umumy möçberiniň 25%-i.
Enelik kompaniýasy Porsche-ni IPO çykarmak baradaky meýilnamasyny baryp 2022-nji ýylyň fewralynda yglan edipdi: şeýdip ol Tesla bilen bäsleşmek üçin korporatiw gurluşy üýtgetmek isläpdi.


düýn 16:05
2.6k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......