Türkmenistanda dürli görnüşli yşyklandyryjylar we LED ýol belgileri öndüriler

  • 30.09.2022 23:02
  • 18k+

30-njy sentýabrda geçen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dürli maksatly plastik kartlaryň, şeýle hem ýol hereketiniň sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň önümçiliklerini ýola goýmak baradaky teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň elektron senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de isleg bildirilýän önümleri öndürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň öndürilmeginiň wajypdygyny belledi we mundan beýläk-de  isleg bildirilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.   

 


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......