Türkmenistanda döwlet emlägi ynançly dolandyryşa berlip başlanar

  • 30.09.2022 22:05
  • 20k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň tertibiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada 30-njy sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow habar berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek we bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň tertibiniň taslamasy «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasyna laýyklykda, Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar. Resminamada işiň bu görnüşini amala aşyrmagyň düzgünleri, kadalary we şertleri kesgitlenildi.
Toplumlaýyn çäreleriň kabul edilmegi işiň, önümçiligiň esasy görnüşlerini hem-de iş orunlaryny saklap galmaga ýa-da täze iş orunlaryny döretmäge, umuman, giň gerimli milli durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir diýip, Serdar Berdimuhamedow wise-premýere bu meseläni ýene-de bir gezek içgin öwrenmegi hem-de işlenip taýýarlanylan resminamanyň taslamasyny ugurdaş düzümler bilen ylalaşmagy tabşyrdy.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......