Citroen ýüz ýyl öňki logotipine gaýdyp geldi

  • 30.09.2022 13:05
  • 6.2k+

Citroen kompaniýasy brendiň täze logotipi we şereket stili bilen tanyşdyrdy. Täze logotip ilkinji gezek sentýabryň ahyrynda hödürlenjek konsept-karda peýda bolar.

Motor.ru awtoulag resursynyň ýazyşy ýaly, täze logotip, aslyýetinde, 1919-njy ýylyň özboluşly nusgasyna gaýtalanmasydyr. Onuň esasynda taryhy «goşa şewrony» — iki sany egri zolak galdyrylyp, soň ýene süýnmegiň içine salnyp sazlaşdyryldy.

1959-njy ýylda zolaklar süýnmekden çykaryldy, 1985-nji ýylda bolsa ýene bu görnüşden ýüz öwrüldi. Mundan hem başga, süýnmegiň astynda brendiň ady ýazylan ýazgy ýerleşdirilen, ol ilkinji gezek nyşana 1966-njy ýylda goşuldy. Logotip bilen birlikde ilkinji gezek täze slogan hem görkezildi: «Bizi Citroen kimin hiç zat herekete getirip bilmez».
Citroen kompaniýasy eýýäm 2030-njy ýylda Ýewropada benzin bilen işleýän motorlardan doly ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. 2023-nji ýylyň güýzünde satuwda elektriki Citroen C3 peýda bolar, soň e-C3 Aircross krossoweri görkeziler, 2025-nji ýylda bolsa ýene bir krossower — e-C5 Aircross bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Şular bilen birlikde kommersiýa tehnikasy hem elektrige geçip başlar, e-Berlingo olaryň ilkinjisi bolar.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....