Ford awtoulagyň öwrüm radiusyny kiçeldýän täze özboluşly usuly işläp taýýarlady

  • 29.09.2022 15:23
  • 11k+

Ford kompaniýasy ulagyň öwrüminiň radiusyny kiçeltmek üçin täze çözgüt oýlap tapdy. Eger beýleki kompaniýalar dolandyrylýan yzky oky goşsalar, Ford aýratynlykda tigirleriň aýlanýan pursadyny üýtgetmegiň hasabyna öwrümleriň radiusyny kiçeltmegi teklip edýär.  

Öndüriji eýýäm ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary boýunça pudak edarasyna (USPTO) degişli patent sargytnamasyny berdi. Patentiň teswirinde ýörite gözegçilik edijiniň dest tigriniň öwrüm burçunyň we tigirleriň aýlanyş tizliginiň nähilidigi bilen bagly görkezijileri yzarlajakdygy, şonuň bilen birlikde öwrümiň radiusyny kiçeltmegiň zerurlygyny kesgitlejekdigi barada aýdylýar. Fordda bu funksiýa «öwrümde kömek bermek düzgüni» diýip atlandyrylýar.
Şu düzgün herekete getirilende ulgam yzky içki tigre geçýän aýlaw pursadyny peseldýär we uly aýlaw pursadyny öňki iki tigre geçirýär. Yzky tigirleriň aýlaw pursadyny peseltmek tormoz tutmagyň hasabyna gazanylýar, şonuň üçinem ulgamy, şol sanda, öňi geçirijili awtoulaglarda hem ulanyp bolýar.
Şeýle ulgamyň Forduň awtoulag hatarlaryna haçan ornaşdyryljagy heniz belli däl.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....