Türkmen wekiliýeti HEB-niň Doly ygtyýarly maslahatynyň işine gatnaşýar

  • 29.09.2022 15:08
  • 6.2k+

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) 2022-nji ýyl üçin Doly ygtyýarly maslahatynyň (PP-22) açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar bermegine görä, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) Doly ygtyýarly maslahaty her dört ýylda bir gezek HEB-iň ýolbaşçylaryny saýlamak, dört ýyllyk strategiki we maliýe meýilnamalaryny kabul etmek, telekommunikasiýa we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy syýasatlaryny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýär.
Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) 2022-nji ýyl üçin Doly ygtyýarly maslahaty (PP-22) 2022-nji ýylyň 26-njy sentýabryndan 14-nji oktýabry aralygynda dowam eder.
Belläp geçsek, 
BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşigi (HEB) dünýä derejesinde sanlylaşdyrmak ugrunda öňdebaryjy halkara gurama hökmünde çykyş edýär.

 


27.03.2026 08:21
2.2k+

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A. Annaýew Rumyniýanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Marilena Mladin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

16.03.2026 14:48
11k+

Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir...

12.02.2026 18:53
2k+

Buharestde Türkmenistanyň ilçisiniň Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary bilen duşuşygy boldy

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A. Annaýewiň Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary Anna Tinka bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşler türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy...

03.02.2026 19:40
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Rumyniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

3-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine seretdi...