«John-Deere» türkmen hünärmenlerini taýýarlamaga ýardam bermäge gyzyklanma bildirýär

  • 28.09.2022 22:31
  • 12k+

28-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «John-Deere» kompaniýasynyň  oba hojalyk we seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Söhbetdeşligiň dowamynda işewür döwlet Baştutanyna ozal gazanylan ylalaşyklar bilen baglylykda, alnyp barylýan işler barada habar berdi hem-de kompaniýanyň hyzmatdaşlygy giňeltmegi we Türkmenistana getirýän oba hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ekiş we hasyl ýygnaýjy tehnikalaryň görnüşlerini artdyrmagy maksat edinýändigini belledi. Şeýle hem myhman türkmen hünärmenlerini taýýarlamaga, döwrebap tehnika hyzmat edýän işgärleriň hünär derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady hem-de kompaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak baradaky tekliplerini beýan etdi.


20.06.2026 11:41
4.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1.3k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

18.06.2026 12:31
6.2k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....