Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

  • 28.09.2022 16:06
  • 11k+

28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň esasy girelgesindäki meýdançada döwlet Baştutanyny Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň ýolbaşçylary, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar garşyladylar.
Ahalteke bedewleriniň çapyşyklarynyň 7-si guraldy. 1600, 1800, 2200 metr aralyga guralan çapyşyklaryň her birine atlaryň 10-sy gatnaşdy.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.


şu gün 00:03
451

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
847

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......