«Älem» medeni-dynç alyş merkezinde baýramçylyk konserti geçirildi

  • 28.09.2022 13:43
  • 5.8k+

27-nji sentýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde geçirilen sungat ussatlarynyň konserti bilen dowam etdi. 

Oňa Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Konsertiň beýik watansöýüjilige ýugrulan baýramçylyk çykyşlary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, döredijilik ruhuny şöhratlandyrdy. Dabarada türkmen estradasynyň ýyldyzlary ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlary bilen öz ussatlyklaryny görkezdiler. Häzirki zaman köpöwüşginli yşyklandyryş tehnologiýalarynyň ulanylmagy bolsa baýramçylyk konsertiniň aýratyn özboluşlylygyny ýüze çykardy.

Baýramçylyk dabarasy köpöwüşginli feýerwerk bilen tamamlandy. 


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......