Meýwezer boks boýunça görkezme söweşinde MMA-nyň ýaponiýaly wekilini nokaut bilen ýeňdi

  • 27.09.2022 10:14
  • 22k+

Boks boýunça bäş agram kategoriýasynda dünýäniň öňki çempiony, amerikaly Floýd Meýwezer - kiçi ýekşenbe güni boksuň düzgünleri boýunça geçýän üç raundly görkezme başa-baş göreşinde garyşyk göreşiň (MMA) ýaponiýaly pälwany Mikura Asakurany ýeňdi. Göreş Saýtamada (Ýaponiýa) geçdi.

Amerikaly türgen ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňmegi başardy. Ondan öň eks-boksçy üç görkezme tutluşygyny - ýaponiýaly kikboksçy Tenşina Nasukawa garşy (2018 ý.), amerikaly blogeri  Logan Pola garşy (2020 ý.) we srapping-ýoldaşy Don Mura garşy (2022 ý.) geçirdi. Tutluşyklaryň üçüsem Meýwezeriň ýeňmegi bilen tamamlandy.
Meýwezer 45 ýaşynda, professional boksda onuň hasabynda 50 ýeňiş (27-si nokaut bilen) bar we ýeke ýeňlişem ýok. Ol bäş agram kategoriýasynda dünýäniň çempiony we 1996-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi bolupdy. Meýwezer - müşderileri boksçylar we garyşyk görnüşiň pälwanlary bolan promouter kompaniýasynyň eýesi. Ol professional karýerasyny 2017-nji ýylda tamamlady.


düýn 16:52
7.7k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
10k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

18.05.2026 13:53
2.3k+

Saul Alwares WBC-niň çempiony tituly ugrunda Kristian Mbilli bilen urşar

Ikinji orta agram derejesinde boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony meksikaly Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde WBC-niň dünýä çempiony tituly ugrunda asly kamerunly fransuz boksçysy Kristian......