Garaşsyzlyga 31 ýyl: Ahaldaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda konsert geçirildi

  • 27.09.2022 10:21
  • 8.4k+

26-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy. Baýramçylyk dabarasynyň mazmuny türkmen halkynyň milli medeni mirasyny halkymyza mahsus milli aýratynlyklara laýyklykda, aýdyň keşpde janlandyrmakdan ybarat boldy.

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyna köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bar. Şeýle-de hormatly ýaşulular, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym, döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar bu ýere ýygnandylar. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistana gelen köp sanly daşary ýurtly wekiller, daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatyna gatnaşyjylar hem myhmanlaryň hatarynda boldular.
Sahnada ýaýbaňlandyrylan maksatnama häzirki zaman türkmen sungatynyň güýjüni, onuň görnüşiniň köpdürlüligini görkezdi. Konsert maksatnamasyny aýdymçylaryň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň we “Güneş” çagalar horunyň ýerine ýetirmegindäki “Garaşsyz, Bitarap bagtyýar Watan” atly joşgunly watançylyk aýdymy açdy. Konsertiň joşgunly çykyşlaryny Prezident Serdar Berdimuhamedowa bagyşlanyp döredilen aýdymlar dowam etdi. Bu konsert žanrlaryň köpdürlüligi we çykyşlaryň ilkinji gezek hödürlenilýändigi bilen tapawutlanýar.
Konsert meşhur sazandalaryň we estrada ýerine ýetirijileriniň, folklor we tans toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Ussat ýerine ýetirijiler bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam goýan ýaş aýdymçy-sazandalar hem zehinlerini görkezdiler. Türkmen estrada ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmenistanlylaryň birnäçe nesliniň söýgi bilen diňleýän ajaýyp aýdymlary hem ýaňlandy. Ýyllar geçse-de, şol aýdymlar şirinligini we täzeligini ýitirmän gelýär.
Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen, türkmenistanlylaryň kalbynda orun alan “Bagt nury” atly aýdym tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. “Garaşsyzlyk bagty Sizde, Arkadagly Serdarymyz!” atly joşgunly aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
Agşam “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk dabarasy geçirildi. “Nowruz ýaýlasyndaky” konsert şu baýramçylyk günlerinde dowam eder.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......